Çäklendirmeler türkmenleriň Stambulda bikanun pul biznesine ýol açdy
Türkmenistanda daşary ýurtlarda ulanylýan plastik kartlardan nagt we nagt däl amallara girizilen çäklendirmeleriň hem gadagançylyklaryň fonunda, indi Stambulda türkmenistanly raýatlaryň öz arasynda bikanun ýagdaýda özboluşly täze pul biznesiniň dörändigi habar berilýär. Mundan owal Stambulyň Aksaraý diýen ýerindäki bankomatlaryň öňünde gije-gündiz nobat tutýan türkmenistanly raýatlaryň indi başga ýerlerde has uly nobatlary emele getirýändigi göze ilýär.
Bu ugurda käbir türkmen raýatlarynyň aýtmagyna görä, täze gara pul biznesi esasan Stambulyň “Kapalyçarşy“ atly gadymy söwda merkeziniň golaýyndaky türkmenistanlylaryň düşleýän myhmanhanalaryň öňünde amala aşyrylýar. Türkmenistandan nagt pul çekmek üçin, Stambula gelýän raýatlar ol ýerde üýşýärler we 50 ýaşlaryndaky türkmenistanly bir erkek adam olaryň plastik kartlaryny ýygnap alyp, bir ýere äkidýär. Aradan birnäçe sagat geçenden soň, ol ýere motosikletli gelen 25 ýaşlaryndaky türkmenistanly iki sany ýaş ýigit hälki plastik kartlary eýelerine çeken pullary bi