Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda ýurduň içinde we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli unlaryň gytçylygynyň emele gelendigi hem-de munuň bilen bir wagtda unuň bahasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi habar berilýär.
Häzirki wagt paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly, şol sanda “Türkmenbakaleýa” degişli Parahat-1 etrapçasyndaky 3-nji, Parahat-2/2 we Parahat-2/3 etrapçalarynyň serhetleşýän ýerindäki 79-njy dükanlarda we Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrundaky “Sumbar” söwda nokadynyň golaýyndaky dükanda daşary ýurtlarda öndürilen unlar satylmaýar. Şol bir wagtda, ýurduň içinde öndürilen ýokary hilli unlaryň hem gytalandygy aýdylýar.
“Ýurduň özünde ýa-da daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli uny satyn almak üçin indi üç gün bäri dükana gatnaýaryn. Ýöne her gezeginde ertir ýa-da iki-üç günden gelse gerek diýip, yzyma ugradýarlar. Ýurtda öndürilen pes ýa-da orta hilli una ýokary hilli uny goşmasaň, onuň diňe özünden çörek ýa-da beýleki naharlar üçin hamyr taýýarla