Kde aay jalary umrular

Ozalky Köşi atlandyrylýan paýtagta birleşip oturan obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky ýumrulyşyklary başlandy. Häzire çenli 100-den gowrak ýaşaýyş jaýlary ýer bilen ýegsan edilip, ýaşaýjylar köp gatly jaýlara mejbury göçürilýär. Özüni Atamyrat diýip tanyşdyran Köşi obasynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, olaryň maşgalasyna Parahat-7 etrapçasynda gurulýan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan, 3 otagly kwartira beriljekdigi aýdylypdyr. Emma ol jaýyň heniz ulanyşa taýýar däldigi sebäpli, olar kireýne jaýda ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. “Maşgala sanymyz kän, ozal giň howluda birnäçe goşmaça otag gurup, ýeterlik ýagdaýda ýaşaýardyk. Indi bolsa iki sany hojalyk bolan oglum-gelnim, olaryň 5 çagasy, aýalym we durmuşa çykmadyk gyzym bilen 3 otagly jaýa garaşýarys. Jaýlar ulanyşa taýýar däl, emma ýaşaýjylary gyssap, jaýlarymyzy ýumurýarlar. Jaýlaryň gurluşyk materiallarynyň alyjysy hem ýok diýen ýaly. Gurluşyk materiallaryny ujypsyz baha satyp, goş-golamlarymyzyň hem bir bölegini ýumrulýan howlymyzda taşlap gaýtmaga mejbur
Back to Top