Aşgabat: “Gažanyň” ýykylyşygy dowam edýär

Bu günler gürrüňi gidýän territoriýanyň Selinnaýa, Dokuçaýew, Noworossiýskaýa köçeleriniň ugrunda ýerleşen onlarça jaý ýykylýar. Bir tarapdan, tamlaryň bir bölegini ýaşaýjylaryň özleri, soňra gurluşyk materialy hökmünde sataryn diýen umyt bilen sökseler, beýleki tarapdan, hökümetiň agyr tehnikasy bu etraby birýan ujundan ýumurýar. “Gažada” ýykylmaly edilen jaýlaryň diwarlarynda tamlaryň satlyga çykarylandygy baradaky bildirişleri hem görse bolýar. Ýaşaýjylar uzak ýyllaryň dowamynda galdyran tamlaryny bazar nyrhyndan telim esse arzan bahadan gurluşyk materialy hökmünde satýarlar. Mysal üçin, mundan bir ýyl öň hem onlarça müň amerikan dollaryna bahalanan jaýlar, häzir 1,5 müň dollardan satylýar. Ýatladyp geçsek, 2 müň töweregi hojalygy bolan “Gaža” raýony geçen ýylyň güýzünde ýykylyp başlanypdy. Dokumentleri resmi talaba laýyk gelýän öýleri ýykylan gažalylara paýtagtyň Parahat-7 mikroraýonyndan jaý berilýär. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, öwezine berilýän jaýlar maşgala agzalarynyň sanyna ýa-da soňky galdyrylan
Back to Top