“Aşgabat-2017”: “Mir bazarynda” haryt hem, alyjy-da gytalýar

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň başlamagy bilen paýtagtyň iň iri bazarlarynyň birinde azyk harytlary barha gytalyp başlady, şeýle-de sebitiň ýaşaýjylary zerur gündelik harytlary üçin ençeme kilometr ýoly pyýada sökmäge mejbur boldular. Ýatlatsak, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň başlamagy bilen ýaryşlaryň geçýän Olimpiýa toplumunyň gabat-garşysyndaky Parahat 1 we 2 etrapçalaryna barýan ýollar doly petiklenip, şol töwerekde, umuman, awtoulag hereketi gadagan edilipdi. Bu çäklendirmeleriň netijesinde, beýleki kynçylyklar bilen birlikde, sebitiň azyk üpjünçiliginde bökdençlikler ýüze çykyp başlady. Bu günler Aşgabadyň iri bazarlarynyň biri bolan, şeýle-de Parahat 1, 2, 3 we 4 etrapçalarynyň on müňlerçe hojalygyny zerur harytlar bilen üpjün eden “Paýtagt” bazarynyň tekçeleri boşap, hatda käbir dükanlar öz işlerini hem togtatdylar. Özüni Ahmet diýip, tanyşdyran il içinde “Mir bazar” ady bilen tanalýan bazaryň söwdagäri sebite harytlary getirmekde uly kynçylyklary çek
Back to Top