Aşgabat: Parahatda ýyladyş sistemasy gündizlerine öçürilýär

Aşgabatda howanyň sowuklygy gündizlerine 1 we gijelerine -5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde, paýtagtyň Parahat etrapçalaryndaky ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş sistemasynyň gündizlerine öçürilýändigi habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu bökdençlik Parahat 1,2 we 3 etrapçalarynyň ähli sebitlerinde gaýtalanyp, bu ýagdaý indi bir hepde çemesi wagt bäri dowam edýär. “Indi ilata ýyladyşy berýän merkezleriň birnäçesini gündizine öçürýärler. Bu öçürme adatça irden sagat 6-7 töwereginde bolýar. Şolar agşam sagat 8-9-a çenli öçük durýar. Onsoň jaýlaryň içi buz ýaly. Hamana, Aşgabatda diňe gijelerine gyş bolup, gündizlerine tomus bolýan ýaly edilýän akyla sygmajak hereket” diýip, Aşgabadyň Parahat etrapçasynda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar. Aýdylmagyna görä, Parahat etrapçalaryndaky öý dolandyryş edaralary ýa-da köpgatly jaýlary ýyladyş bilen üpjün edýän merkezler gündizlerine umumy peçleriň öçürilmeginiň sebäplerini turbalarda emele gelen näsazlyklar bil
Back to Top