23-nji fewral güni regional liderleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde umumy bahasy dürli metbugat serişdelerinde 8-10 milliard dollara barabardygy habar berilýän Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
Azatlyk Radiosynyň “Dünýä türkmenleri” atly gepleşiginiň bu günki sanyny bu wakadan ugur alyp we şol bir wagtyň özünde-de redaksiýamyza gelip gowuşýan hatlary nazarda tutup, Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalaryna gönükdirýäris.
Bilinşi ýaly, Türkmenistandaky türkmenler bilen birmeňzeş dilde gepleýän etniki türkmenleriň aglaba köpçülikde ýaşaýan ýurtlarynyň biri hem Owganystan. Ol ýurtdaky etniki türkmenleriň köpüsi diýen ýaly goňşy Türkmenistanyň serhetýaka welaýat hem etraplarynda kowçum bolup ýaşaýarlar.
Bilermenler, ýurtdaky howpsuzlyk, işsizlik, garyplyk we tebigy betbagtçylyklar sebäpli bolan oňaýsyz ýaşaýyş şertleriniň Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň az
682 views
231
49
7 years ago 00:10:00 942
Owganystandaky etniki türkmen ýaşlarynyň problemalary
8 years ago 00:02:31 105
Owganystan: Türkmenler parahatçylyk gepleşiklerini goldadylar