Markyň Hoş Habary 2-nji bap | Türkmen Dilinde İsa Filmi

#HoşHabar #IsaFilmi #TürkmenKino Isa ysmazy sagaldýar. 00:01-02:19 1. Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady. 2. Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi. 3. Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler. 4. Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar. 5. Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 6. Ol ýerde oturan T&#
Back to Top