DEM ALÝAN WE DERLEÝÄN ILKINJI ROBOT

Thermetrics amerikan kompaniýasy Arizona ştatynyň Uniwersitetinden alymlar üçin dünýäde ilkinji dem almaga, derlemäge we titremäge ukyply bolan roboty işläp taýýarlady. Ýylylygy duýýan ANDI roboty ynsan bedenindäki ýaly deri bölüp çykarýan deri öýjüklerini aýratyn dolandyrýan abzallaryň 35-si bilen üpjün edildi. Uniwersitetiň alymlary ýokary temperaturalaryň adam bedenine ýetirýän täsirine düşünmek üçin şu tomus paslynda yssy howada bu tehnologik täsinligi synagdan geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu täzelik uly ösüş bolup durýar, çünki ANDI ilkinji ýylylyk manekeni bolup, ony indi açyk howada ulanmak bolýar. Bu ozal mümkin bolmadyk synaglary örän yssy şertlerde geçirmäge, şeýle hem gün şöhlelenmesiniň täsirini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäde şonuň ýaly manekenleriň jemi 10-sy bar. Olaryň köpüsi sport egin-başlaryny öndürijilere degişlidir we olar testleşdirmek üçin ulanylýar. Emma ANDI ASU — iki modelleriň diňe biri bolup, olar häzirki wagtda ylmy-barlag institutlary tarapyndan ulanylýar. Ylmy gazanylanlar diňe şunuň bilen çäklenmeýär, çünki şu tomus möwsüminde barlagçylar bilelikdäki toparda işlemek üçin hem-de ynsan der bölünmesiniň ýagdaýyna gowy düşünmek üçin ANDI-ni MaRTy diýlip atlandyrylan ASU biometeorologik ýylylyk roboty bilen birleşdirmegi meýilleşdirýärler.
Back to Top