MERGEN MÄMMEDOW ALMATYDA GEÇEN ÝEŇIL ATLETIKA BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYŇ ALTYN MEDALYNA EÝE BOLDY

1-2-nji iýulda Almatyda (Gazagystan) her ýyl geçirilmesi däbe öwrülen gyzykly bäsleşik — Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanan ýeňil atletika boýunça halkara ýaryş guraldy. Ýaryşyň birinji gününde ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşlaryň netijeleri jemlendi. Ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda ýekedabany iň uzak aralyga zyňmagy başaran türkmen ýeňil atletikaçysy Mergen Mämmedow altyn medal gazandy. Aslynda Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanan ýaryşyň Dünýäniň ýeňil atletika assosiasiýasynyň ýokary derejeli ýaryşlarynyň sanawyna girýändigini bellemelidiris. Nobatdaky ýaryşa Hytaýdan, Hindistandan, Tailanddan, Eýrandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Türkmenistandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan hem-de Gazagystandan bolan ýeňil atletikaçylar gatnaşdylar. Türkmen toparyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, ýurdumyzyň ýeňil atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Hajymyrat Rahmanow ýolbaşçylyk etdi. Ýygyndy toparymyzdan Mergen Mämmedowyň netijeli çykyşy 2024-nji ýylyň Pariž olimpiadasynyň jemleýji saýlama startlarynyň öňüsyrasyndaky ajaýyp görkezijidir. Türgen ýeňil atletika boýunça milli mekdebimiziň ussatlarynyň birnäçesini özünde jemleýän Mämmedowlaryň maşgalasyndandyr.
Back to Top