Kireý jaýlarda tenini satmakda aýyplanýan türkmen zenanlary tutuldy
Kireý jaýlarda tenini satmakda aýyplanýan türkmen zenanlary tutuldy
Türkiýede ten söwdasynda tutulýan türkmenistanly migrantlar barasynda yzygiderli habarlar çykmagy dowam edýär. Stambulyň Beýlikdüzü we Esenýurt etraplarynda gurnalan operasiýada, gündelik kireýine tutulýan 42 jaýda, ten söwdasyny etmekde aýyplanýan 20 sanysy daşary ýurtly zenan bolan, jemi 35 adam saklanypdyr. Olaryň arasynda türkmenistanly zenanlaryň hem bardygy mälim edilýär.
Türk mediasynda ýaýran habarlarda, Stambul polisi soňky wagtlarda jenaýat, ten söwdasy we ogurlyk ýaly wakalaryň artmagyndan ugur alyp, 3 aýlap alyp baran fiziki we tehniki aňtaw işiniň netijesinde, 11-nji noýabrda agşam sagat dokuz töwereginde, Ahlak býurosynyň işgärleri Beýlikdüzü we Esenýurt etraplaryndaky 52 salgyda, şol bir wagtyň özünde operasiýa geçirdi.
“Beýlikdüzüsakinleri“ atly internet neşriniň ýazmagyna görä, içeri işler ministrliginiň ýörite tälimli güýçleriniň goldawynda geçirilen operasiýalarda “guramaçylykly ýagdaýda ten söwdasyny gurnandygy“ öňe sürü
675 views
177
30
7 years ago 00:03:42 797
Kireý jaýlarda tenini satmakda aýyplanýan türkmen zenanlary tutuldy