Aşgabat: Ulaglarda alajalary asmak gadagan edildi

Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri (PÝGG) awtoulagynda doga-bagjyklar, alajalar asylan ýa-da käbir ýazgylar ýazylan sürüjileri saklap, olardan bulary aýyrmagy talap edýärler we 50 manat möçberinde pul jerimesini salýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan hususy awtoulag eýeleriniň onlarçasy bu talabyň güýje giriziljekdigi barada mundan bir hepde çemesi ozal gürrüňleriň ýaýrandygyny, ýöne düýnden başlap PÝGG-niň işgärleriniň awtoulag sürüjilerini saklap başlandygyny aýdýarlar. “Ýekşenbe güni irden sagat 11:00 töweregi meni PÝÝG-niň işgäri saklap, awtoulagymyň salonyndaky uzynlygy 3 santimetr, ini 2 santimetr, galyňlygam 1 santimetre ýetýän doga-bagjygy we awtoulagyň arka tarapyndaky boýy 15 santimetre golaý ýumşak aýyjygy aýyrmagy talap etdi. Polisiýa işgärleri mundan beýläk awtoulaglarda şeýle zatlary goýmagyň, asmagyň ýa-da ‘Alla gorasyn’ ýaly ýazgylary ýelmemegiň gadagandygyny aýdyp, 50 manat pul jerimesini hem ýazdy” diýip, özüni Geldimyrat diýip tanyşdyran 34 ýaşlarynda aşga
Back to Top