Türkmenistan garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny mejbury çäreler bilen belledi
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen uly harby parad bilen bellenildi.
27-nji oktýabrda irden sagat 10:00-da başlan we 1 ýarym sagat çemesi wagt dowam eden harby parad Döwlet tribunasynyň öňünde geçirildi we oňa geçen ýyllarda bolşy ýaly, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň, döwlet we sungat işgärleriniň on müňlerçesi gatnaşdyryldy.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri harby paradda çykyş etmeli ýa-da ýöräp geçmeli on müňlerçe adamyň dabaranyň geçirilmeli ýerine ýedi sagat çemesi öňünden, ýagny daňdan sagat 03:00 töweregi barmaly edilendigini aýdýarlar.
“Düýn döwlet tribunasynyň öňündäki dabaraly ýörişlere gatnaşjaklara daňdan sagat 2:30 bilen 3:30 aralygynda barmaly ýerleri yglan edilipdir. Olar adatça daňdan sagat 3-lerde şol ýere bardylar. Olar daňdan 10-da başlajak dabaralara ortaça ýedi sagat galanda şol ýerlere ýygnandylar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew döwlet işgärleri
760 views
217
55
3 years ago 00:01:47 1
Kuala-Lumpur şäheriniň merkezinde Türkmenistan barada wideoşekiller halk köpçüligine ýetirildi 🇹🇲 🇲🇾
7 years ago 00:04:19 777
Türkmenistan garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny mejbury çäreler bilen belledi