ZÜLEÝHA KAKAÝEWA. TÜRKMENISTANYŇ HALK ARTISTI, MEŞHUR IŞEWÜR. SAHNA WE TELEKEÇILIK ÜSTÜNLIGI BARADA

«SalamNews» habarlar portalynyň «Şowly bolsun!» (#Showlybolsun) atly gepleşiginiň nobatdaky sany taýýarlandy. Bilşiňiz ýaly, bu gepleşikde ýurdumyzyň we dünýäniň meşhur adamlary bilen söhbetdeşlik guralyp, siziň dykgatyňyza ýetirilýär. «Şowly bolsun!» gepleşiginiň nobatdaky myhmany zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2016» bäsleşiginiň ýeňijisi, Züleýha Kakaýewa. Däp bolşy ýaly, gepleşikde aýdymçy döredijilik ýoly bilen baglanyşykly sowallara jogap berip, karýerasyndaky wajyp pursatlar, içki duýgulary hakynda söhbet etdi.
Back to Top