«ARNOLD, PEÝDALY BOLGUN!» / ИЗ АКТЁРА — В ПИСАТЕЛИ

Ýakyn wagtlarda aktýor Arnold Şwarseneggeriň ýazan ruhlandyryjy kitaby neşir ediler. Aktýor bu baradaky habary jemgyýetçilik ulgamlar arkaly köpçülik bilen paýlaşdy we öz şahsy sahypasyny yzarlaýjylara «Peýdaly bol: ýaşaýyş üçin ýedi gural» atly täze kitabynyň sahabynyň suratyny görkezdi. Kaliforniýanyň öňki gubernatory, 75 ýaşly aktýor Arnold Şwarsenegger öz pelsepeleriniň başgalara-da peýdaly bolup biljekdigine ynanandan soňra, kitap ýazmak kararyna gelendigini aýdýar. Şwarseneggeriň kitabyny çap etmeli neşirýatçy kitap hakynda: «Okyjylary Arnoldyň manyly ýaşaýşa çagyrýan usullary arkaly joşgunly syýahata äkidýär» diýýär. Soňra-da: «Dünýädäki iň beýik bodbilder, dünýäde iň köp girdeji gazanan kino ýyldyzy, dünýäde altynjy orunda durýan ýokary ykdysadyýetiň lideri. Bularyň hemmesiniň şol bir adamdygyna ynanmak mümkin däl. Ýöne bu asla oýun-henek däl. Bularyň hemmesi — Arnold Şwarsenegger!» diýip, aktýora bolan buýsanjyny beýan edýär. Arnold Şwarseneggeriň «Peýdaly bol: ýaşaýyş üçin ýedi gural» atly kitaby 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda satuwa çykarylar.
Back to Top