Dünýä çempionatyna gatnaşan türkmen türgenleri ýeňiş bilen Watanymyza dolandylar!

Durresde agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşan türkmen agyr atletikaçylary ýeňiş bilen Watanymyza dolandylar! Türkmenistanyň Agyr atletika boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulşat Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda dünýäniň çempiony boldy. Türkmen gyzy silterläp galdyrmakda 71 kg netije bilen kümüş medala eýe çyksa, itekläp galdyrmakda 85 kg görkeziji bilen altyn medala mynasyp boldy. Onuň umumy netijesi 156 kg-e barabar bolup, bu onuň iki görnüşiň netijesi boýunça hem altyn medala eýe bolmagyny şertlendirdi. Şeýlelikde, ildeşimiz ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony boldy. 61 kilogram agram derejesindäki esasy bäsdeşlik türkmenistanly Perhat Bagtyýarow bilen filippinli Delos Santosyň arasynda geçdi. Perhat ştangany birden galdyrmakda bu garşydaşyndan güýçli çykdy. 114 kg agyrlygy boýun egdiren ildeşimiz garşydaşyndan 4 kg ýokary netije görkezdi. Muňa garamazdan, itekläp galdyrmakda filippinli türgen 5 kg artyk görkeziji bilen (149 kg) öňe saýlandy. Türkmen türgeni bu görnüşden 144 kg agyrlygy göterdi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça dünýäniň çempiony bolmak filippinli türgene miýesser etdi. Perhat bolsa birden galdyrmakda kiçi altyn, itekläp götermekde kiçi kümüş, görnüşleriň jemi boýunça bolsa kümüş medallara eýe boldy. 59 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Medine Amanowanyň ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony bolandy. Medine ştangany birden galdyrmakda 90 kilogram agyrlygy götermegiň hötdesinden gelip, bu görnüşden altyn medal gazandy. Ol ikinji orny eýelän ekwadorly gyzdan 2 kg artyk netije görkezdi. Türkmen gyzynyň itekläp galdyrmakdaky 109 kg netijesi hem ekwadorly türgeniň görkezijisinden 2 kg agyr bolup, Medine ikinji altyn medalyna eýe çykdy. Iki görnüşiň netijesi boýunça 199 kilogram agyrlygy galdyran Medine Amanowanyň umumy görkezijisi hem iň ýokary netije boldy we oňa üçünji altyn medalyny getirdi. Durres şäherinde (Albaniýa) geçýän ýetginjekleriň arasyndaky agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 64 kilogram agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz Gülälek Kakamyradowanyň çykyşy tamamlandy. Gülälek ştangany birden galdyrmak bäsleşigindäki synanyşyklaryny şowly jemledi. Zehinli türkmen gyzy 88 kilogram agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden geldi. Onuň bu görkezijisi ildeşimize şu görnüş boýunça bürünç medaly getirdi. Gülälegiň netijesi diňe tailandly ýetginjek Tanaporn Seatiniňkiden (93 kg) hem-de gazak türgeni Taissiýa Alekseýewanyňkydan (89 kg) azlyk etdi. Ildeşimiziň itekläp götermekdäki netijesi 101 kilograma deň boldy. Türkmen gyzy bu agyrlygy ikinji synanyşygynda boýun egdirdi. Üçünji synanyşygynda bolsa Gülälege 106 kilogram agyrlygy galdyrmak başartmady. Şeýlelikde, 101 kilogramlyk görkezijisi onuň itekläp götermekde bäşinji orny eýelemegini şertlendirdi. Türkmenistanly türgen iki görnüşiň jemi boýunça hem 189 kilogram netije bilen bäşinji orny eýeledi #2023IWFWORLDYOUTHCHAMPIONSHIPS #albania #durres #amanova #perhatbagtyyarov #kakamyradova
Back to Top