TÜRKMEN TÜRGENLERI SAMBONY ESASLANDYRYJYLARYŇ KUBOGYNDAKY MEDALLARYNY BÄŞE ÝETIRDILER

Moskwada guralan Sambony esaslandyryjylaryň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň birinji gününde türkmenistanly pälwanlaryň 4 medaly bellige alyndy. Şolardan biri altyn, üçüsi bolsa bürünç medallardyr. Iri halkara ýaryşlaryň ençemesinde tapawutlanmagy başaran Babajan Iwadullaýew 98 kilogramdan ýokary agramda söweş sambosyndan geçen ýaryşda ýeňiji boldy. Sapar Döwletowyň (64 kg-e çenli agramda) we Begenç Baltaýewiň (79 kg-e çenli agramda) sport sambosyndan, Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň (88 kg-e çenli agramda) söweş sambosyndan bürünç medallara eýe bolandylar. Ýaryşyň ikinji gününde ildeşlerimiz medallaryň ýene birini gazanmagyň hötdesinden geldiler. Meýlis Niýazmeňliýewiň üstünligi bu netijeleriň hataryny artdyrdy. 64 kg-de söweş sambosyndan düşekçä çykan ildeşimiz bürünç medala eýe boldy. Bu ýaryş türkmenistanly türgenleriň 2025-nji ýylda paýtagtymyzda geçjek Sambo boýunça dünýä çempionatyna taýýarlygynyň bir tapgyryna öwrüler. #sambo #turkmenistan #turkmensport #основоположниковсамбо
Back to Top