Aşgabat: Parahat -1, 2 etrapçalaryna barýan ýollar beton böwetler bilen petiklendi

Aşgabadyň Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna barýan ýollaryň ählisi diýen ýaly uly beton böwetler bilen petiklendi. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri etrapçalara barýan ähli ýollarda beton plitalary oturtmak işiniň 8-nji awgustda berjaý edilendigini habar berýärler. 10 gün çemesi mundan ozal V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän bu mikroraýonlaryň daşyna beýikligi 1,5 mertlik gözenekli demir haýat aýlanypdy, bu ýere barýan dört sany uly köçe, ýagny Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, ‘10 ýyl Abadançylyk’ we Atamyrat Nyýazow köçeleri ýapylypdy. Soňky günlerde etrapçalara awtoulagly barmaga mümkinçilik beren iki sany köçäniň 8-nji awgustda ýapylandygyny Azatlygyň çemesi adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen habar berdi. “Aşgabat şäheriniň Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna Andalyp köçesinden girilýän esasy iki köçe bardy. Olar ‘Ýaşlyk’ we Ýunus Emre köçeleri. Geçen hepdäniň bäşinji gününden başlap, olarda-da uly beton bölekleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, mikror
Back to Top